Trestiň bölümçeleri

TRESTIŇ BÖLÜMÇELERI

“Lift gurluşyk we bejeriş” tresti, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 05-ne Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridiki şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 15791067 san belgi bilen bellige alnan hereket edýän Tertipnamasyna laýyklykda galdyryjy-ulag enjamlaryny gurnamak (sökmek), olary abatlamak we sazlamak hem-de tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini ýerine ýetirmek üçin döredilen, merkezleşdirilen býujetden maliýeleşdirilýän döwlet edarasydyr. Onuň garamagynda Ýöriteleşdirilen “Senagatlift” müdirligi hojalyk hasaplaşygynda bolup, welaýat merkezlerinde “Daşoguz”, “Mary”, “Lebap” şahamçalaryny öz içine alýar. “Lift gurluşyk we bejeriş” tresti, Aşgabat şäher ÝJUT-niň hasabynda duran Köpetdag etraby boýunça 450 sany, Berkerarlyk etraby boýunça 363 sany, Bagtyýarlyk etraby boýunça 8 sany, Ýöriteleşdirilen “Senagatlift” müdirligi tarapyndan 15 sany, jemi 836 sany liftlere şertnama esasynda “Liftleriň gurluşy we howpsuz ulanmagyň düzgünleri”-niň talaplaryna laýyklykda liftleri howpsuz işletmek işlerini amala aşyrýar.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !