LGB Tresti barada

Biz barada

Taryh

 

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň göni garamagynda “Lift gurluşyk we bejeriş” tresti, Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanunyna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 11/15426 san belgili ylalaşyk hatyna laýyklykda hem-de Aşgabat şäher häkiminiň 2019-njy ýylyň 09-njy awgustyndaky 1174 san belgili Karary esasynda döredildi.
Trest, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Liftleriň gurluşy we olary howpsuz ulanmagyň düzgünleri”-niň talaplaryndan ugur alýar.


Şahamçalar

 

“Lift gurluşyk we bejeriş” tresti, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň    05-ne Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridiki şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 15791067 san belgi bilen bellige alnan hereket edýän Tertipnamasyna laýyklykda galdyryjy-ulag enjamlaryny gurnamak (sökmek), olary abatlamak we sazlamak hem-de tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini ýerine ýetirmek üçin döredilen, merkezleşdirilen býujetden maliýeleşdirilýän döwlet edarasydyr. Onuň garamagynda Ýöriteleşdirilen “Senagatlift” müdirligi hojalyk hasaplaşygynda bolup, welaýat merkezlerinde “Daşoguz”, “Mary”, “Lebap” şahamçalaryny öz içine alýar.

“Lift gurluşyk we bejeriş” tresti, Aşgabat şäher ÝJUT-niň hasabynda duran Köpetdag etraby boýunça 450 sany, Berkerarlyk etraby boýunça 363 sany, Bagtyýarlyk etraby boýunça 8 sany, Ýöriteleşdirilen “Senagatlift” müdirligi tarapyndan 15 sany, jemi 836 sany liftlere şertnama esasynda “Liftleriň gurluşy we howpsuz ulanmagyň düzgünleri”-niň talaplaryna laýyklykda liftleri howpsuz işletmek işlerini amala aşyrýar.


Gözegçilik

 

Trestiň hyzmat edýän liftlerinde 1991-nji ýylda neşir edilen “Liftleri ulanmagyň” gollanmasy (“Эксплуатация лифтов”, Справочник, М., Стройиздат, 1991г.) esasynda lift gözegçiniň liftde ýerine ýetirmeli işleriniň sanawy aşakdaky tertipde görkezilýär.

-  Şahta gapylarynyň gulplaryny barlamak

-  Kabinanyň gapysynyň gulpuny barlamak

-  Kabinanyň gapysynyň kontaktlaryny barlamak

-  Gapylaryň priwodynyň işleýşini barlamak

-  Signalizasiýany, ýagtylandyryşy, her gatda liftiň deň durmaklygyny barlamak

-  Kabinada arassaçylyk işlerini geçirmek, (ýuwmak, süpürmek)

Mundan başga-da, liftiň içinde galan raýatlar, gözegçilik-hyzmat ediş gullugynyň ugrukdyryjysyna telefon arkaly habar bermek bilen, ugrukdyryjy tarapyndan lift gözegçä habar berilip, bellenilen wagtda liftden çykarylýar we lift işjeň ýagdaýa getirilýär. Häzirki wagtda Trestiň düzüminde 7 sany bölümçe (gözegçilik-hyzmat ediş dessin gullugy) bolup, olar diňe Trestiň hyzmat edýän liftleri boýunça raýatlary halas etmän, eýsem Paýtagtymyzyň islendik lift ulgamynda galan raýatlary hem öz wagtynda halas etmek işi göz öňünde tutulandyr.

Barlaglar

 

“Lift gurluşyk we bejeriş” trestiniň bölümçeleri liftleri abatlamakda, tehniki hyzmat etmek boýunça, ulanyşda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, sarp edijileri hili pes hyzmatlardan goramak, enjamlaryň talabalaýyk ulanylmagyny amala aşyrýar. Liftleriň arassaçylyk işlerini tassyklanan tertip boýunça wagtynda geçirmegi we olary abat saklamakda gözegçiligi, liftleriň gündelik işjeňliginiň hasabatyny ýöredýär we dessine degişli işleri ýerine ýetirýär.

Liftleriň gündelik işjeňliginiň hasabatyny ýöretmek, hasaba alyş kitaplaryna bellige almak işlerine şu aşakdaky görnüşler degişlidir:

-         enjamlaryň doly we dogry ýerinde bolmagy we göýberiş-sazlaýyş işleri;

-         enjamlaryň toplumyna seretmek we onuň netijesini resmileşdirmek işleri (TH-1, TH-2, TH-3);

-         Liftleri nobatdaky barlaglardan geçirmek;

Liftleri hasaba alyş kitaplaryna bellige almak işleri şu aşakdaky talaplara laýyklygyny kesgitlemek üçin geçirilýär:

-         Hereket edýän döwlet standartlaryna;

-         Liftleriň gurluşy we olary howpsuz ulanmagyň düzgünlerine;

-         Döwletara we halkara standartlaryna, kadalaryna, düzgünlerine;

1973-nji ýylda neşir edilen we GDA ýurtlarynda ulanylýan W-34 ýygyndylar gollanmasynyň talaplary esasynda, liftleri bejermek boýunça elektromehanik tarapyndan bir liftde ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşleri goşunda laýyklykda tassyklanylyp düzülýär (TH-1, TH-2, TH-3).

Liftiň durkuny täzelemek babatynda hereket edýän «Ýük we ýolagçy liftler boýunça Döwletara standartlaryň tehniki şertleriniň» (TDS 22011-95) talaplaryna laýyklykda ulanyş möhleti 25 ýyl hasaplanylýar. “Liftleriň gurluşy we olary howpsuz ulanmagyň düzgünleri”-niň talaplary esasynda liftleriň islendik görnüşi ýylda bir gezek iki görnüşde synag arkaly  barlagdan geçirilýär we degişli pasportlaryna ýazgy edilýär.

 1) Statiki synag – liftiň ýa-da göteriji mehanizmleriň ýük göterijiliginiň ütüne 100 % ýük goýulyp synag edilýär. (hereketsiz)

 2) Dinamiki synag – liftiň ýa-da göteriji mehanizmleriň ýük göterijiliginiň ütüne 10 % ýük goýulyp synag edilýär. (hereketli)



Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !