Täzelikler

Türkmenistanyň boksçulary Gazagystanda halkara ýetginjekler ýaryşynda medallaryň 6-syny gazandylar

16.08.2024ý. Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça tamamlanan halkara ýaryşynda türkmen boksçulary dürli derejeli medallaryň altysyny gazandylar. Ýaryş SSSR-iň sport ussady Bokenbaý Saktaganowyň hatyrasyna bagyşlandy.

Ýaryşlar «Dosan batyr» sport toplumynda geçirilip, 12 topardan türgenleriň 138-sini bir ýere jemledi. Şol toparlar Türkmenistana, Täjigistana, Özbegistana, Garagalpagystan Respublikasyna hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerine wekilçilik etdiler.

Türkmenistanyň toparynda 9 boksçy çykyş etdi, şolaryň altysy 1 altyn, 1 kümüş hem-de dört bürünç medal eýelediler.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Döwranow 54-kg. çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Şeýle hem ol «Ýaryşyň tehniki taýdan iň ökde boksçusy» diýen ýörite baýraga-da mynasyp boldy.

Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Meýlis Şadurdyýew (57 kg. çenli) kümüş baýragyň eýesi, Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow (48 kg. çenli), Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mekan Sabyrow (60 kg. çenli), Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annageldi Jumamyradow (63,5 kg. çenli) we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Atageldi Seýidow (67 kg. çenli) bürünç baýragyň eýeleri boldular. Ýaryşda biziň boksçularymyz Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Maksud Şeripowyň hem-de milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler, türkmen eminler toparyna bolsa, emin Timur Halilow wekilçilik etdi. 

Gazagystandaky ýaryş ýetginjek boksçular üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde 27-nji awgustda ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda badalga alýan Aziýa çempionatynyň öňýanynda güýçlerini barlamaga gowy mümkinçilik boldy. Bu ýaryş 10-njy sentýabra çenli dowam eder.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !