Täzelikler

Türkmenistanly tennisçi Malaýziýada geçýän ýaryşlarda jübütlikde çykyşda kümüş medala mynasyp boldy

14.08.2024ý. 14 ýaşly Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýada tamamlanan «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» halkara ýaryşlarynda jübüt bolup oýnamakda kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütlikde gazandy.

Hormat münberine barýan ýolda ilkinji belgide çykyş eden I.Guseýnowa we H.Şabanpur Adani Ažaradan (Malaýziýa) we Naba Nişandan (Maldiwler) – 6:2, 6:3 hasabynda, 4/1 finalda Romin Rafiborujeni (Eýran) we Batrisiýa Elwin Saýful Amiri (Malaýziýa) – 6:0, 6:2 hasabynda, ýarym finalda bolsa Koreýa Respublikasyndan gelen tennisçiler Seohýon Kim bilen Ýorin Limi – 6:4, 1:6 (10:1) hasabynda üstün çykdylar. Finalda I.Guseýnowa we H.Şabanpur nepally Şiwali Guruň we indoneziýaly Saýa Maulanyň jübütinden iki setde – 3:6, 5:7 hasabynda asgyn geldi we netijede hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Ilima Guseýnowa Aziýanyň 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň iň gowy dört tennisçisiniň hataryna girýär. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Guseýnowanyň sanawunda halkara ýaryşlarda gazanylan sylaglar az däl. Ol diňe şu ýylda dürli derejeli üç medal gazandy. Haýdarabatda (Hindistan) geçen «Asian 14 & Under Grade A» halkara ýaryşlarda Ilima Guseýnowa ýekelikde oýnamakda bürünç medal we hindi türgeni Karthika Padmakumar bilen jübütlikde oýnanda bolsa altyn medal gazandy. Şymkentde (Gazagystan) geçen ýaryşlaryň finalynda bolsa eýranly H.Şabanpurdan 2:6, 2:6 hasabynda asgyn gelmek bilen, kümüş medala mynasyp boldy.

Aziýa Tenis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň Grade A derejesindäki ýaş tennisçileriň arasynda geçirilýän ýaryşlar rejeleme ulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, ýaş oýunçylara öz reýtingini ýokarlandyrmak üçin utuk toplamaga ýardam edýär. Olara Aziýanyň dürli ýurdundan türgenler gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaş zehinlere başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge, halkara ýaryşlarda oýnamak tejribesini gazanmaga we başga tennisçiler bilen gatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýaryşlarda gazanylan utuklar oýunçylaryň halkara reýtingine täsir edýär we derejesi boýunça has ýokary ýaryşlara gatnaşmaklary üçin gapylary açyp biler. Grade A ýaryşlaryň geljekki hünäri tennisçileri taýýarlamakda möhüm orny bardyr, olar sebitde tennisiň giňden ýaýramagyna ýardam edýär.

Şular ýaly ýaryşlarda gazanan ýeňişleri netijesinde I.Guseýnowa 14 ýaşdan ýokary bolmadyk iň gowy 24 tennisçiniň gatnaşmagynda 9–13-nji sentýabr aralygynda Kambojada geçiriljek «GSPDP Asian 14U Junior Championships 2024» ýaryşyna çakylyk almaga mynasyp boldy.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !