Täzelikler

Türkmen tennisçisi ilkinji gezek Roland Garros ýaryşynyň ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşar

07.08.2024ý. Ýurdumyzyň tennis taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili 5–9-njy awgust aralygynda Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» tennis meýdançalarynda geçiriljek Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşar. Sabrina Rahmanowa ýaryşyň guramaçylaryndan bu bäsleşige gatnaşmak üçin adaty talaplardan boşadylyp, «wild card» alyp, şeýle abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmek hukuk aldy.

«Bu waka diňe bir türgeniň özi üçin däl, eýsem, tutuş tennis jemgyýeti üçinem möhüm ähmiýetli wakadyr, ol Türkmenistanda tennisi ösdürmek üçin täze mümkinçilikdir şertleri açýar» diýip, Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Sabrina Rahmanowa Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, şeýle hem «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýar.

2025-nji ýylda geçiriljek Fransiýanyň açyk ýetginjekler çempionatynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Sabrina Rahmanowa Merkezi we Günbatar Aziýada 17 ýaşa çenli güýçli tennisçileriň 16-sy bilen bäsleşer. Ol şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanda geçirilen üç hepdelik okuw-türgenleşiginde geljekki saýlama ýaryşa güýçli taýýarlandy.

Aziýanyň Tennis Federasiýasy we Fransiýanyň Tennis Federasiýasy Aziýada tebigy meýdançada tennisi ösdürmek, şeýle hem 17 ýaşa çenli bir oglana we bir gyza, 2025-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda Roland Garros ýaryşynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga «wild card» berýän iň güýçli türgenleri kesgitlemek üçin ýaryşlar tapgyryny geçirmek barada Ähtnama gol çekdiler.

Tennis boýunça Fransiýanyň açyk çempionaty diýilýän Roland Garros ýaryşy ussatlar tennisde Uly tuwulga dört ýaryşynyň biridir. Ol her ýyl Parižiň Roland Garros meýdançalarynda geçirilýär. 1891-nji ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryş 1968-nji ýyldan ussat türgenler üçin açyk ýaryşa öwrüldi.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !