Täzelikler

Ýokary hilli gurluşyk materiallary – gurluşyk meýdançalaryna

01.08.2024ý. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň has-da ilerlemeginde ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalar möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmeklige mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir.

Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär. Önümçilige täze kuwwatly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Müdirlige geçen ýyl gelip gowşan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen XCMG ZL50GN kysymly ýük göterijileriň 3-si netijeli işledilýär. Bu tehnikalaryň ýük göterijiligi 5 tonna, susgujynyň göwrümi hem 3 metr kuba barabardyr. Kärhanada kuwwatly tehnikalara, döwrebap tehnologik ulgamlara hünärmenler we işçiler tarapyndan ussatlyk bilen erk edilýär we netijeli işledilýär.

Önümçilik üçin zerur bolan çig mal müdirlige degişli bolan 310 gektar meýdanda ýerleşýän karýer hojalygyndan alynýar. Karýer hojalygynyň kärhana ýakyn ýerde ýerleşmegi zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem önümiň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna şert döredýär. Tejribeli hünärmenleriň yhlasy bilen önümçilikde çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önümlere çenli tutuş tehnologik işler dolulygyna awtomatlaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa, öndürilýän gurluşyk materiallarynyň tehnologik talaplara laýyklygyny we ýokary hil derejesini üpjün edýär.

2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan häzirki döwre çenli müdirlik tarapyndan magdan däl önümleriň 338 müň 503 metr kuby öndürilip, bu baradaky meýilnama 102 göterime golaý ýerine ýetirildi. Bu bolsa, kärhanada degişli döwür üçin ösüş depgininiň 105 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Şeýle hem şu ýylyň ýarym ýylynda çagyl daşynyň, ýagny, daş owuntygynyň 105 müň 984 metr kuby, ýuwlup baýlaşdyrylan çägäniň 160 müň 41 metr kuby, but daşlarynyň hem 72 müň 478 metr kuby öndürildi.

Kärhananyň taýýar önümleri sebitde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylýar. Bu bolsa, müdirlikde taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !