Täzelikler

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi

31.07.2024ý. Paýtagtymyzda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda Türkmenistana sapar bilen gelen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasyndaky geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri taslamalar ägirt uly ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Milli energetika syýasatynyň binýady bolup hyzmat edýän diwersifikasiýa ýörelgelerine esaslanyp, biziň ýurdumyz energetika babatda beýleki döwletler we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi işjeň ösdürmegiň ýoly bilen barýar. Türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge uly gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen giň hem-de köptaraply hünär gatnaşyklary muny tassyklaýar.

Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny we ölçeglerini kesgitlän möhüm resminamalara gol çekildi. Häzirki döwürde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 2022–2024-nji ýyllarda bolan saparlary döwründe nebit we gaz babatda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň berk esaslary goýuldy.

Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň geljegi uly, şol sanda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň dünýä belli energetika kompaniýalary, şol sanda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Taraplaryň belleýşi ýaly, şu ýylyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýady emele getirýär. Şol saparyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda hem-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Bu resminamalar «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, şeýle hem taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýillerini özünde jemleýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, nebitgaz pudagynyň giň gerimde okgunly ösmegi we halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara we öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

Dostlukly ýurduň wekilleriniň belleýşi ýaly, dünýäniň iň iri uglewodorod ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ägirt uly mümkinçilikleri, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän amatly maýa goýum syýasaty daşary ýurtly işewürlerde uly gyzyklanma döredýär.

Şeýle hem Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary maslahatlaşyldy. Duşuşyga «Petronas Çarigali Sdn, Bhd» kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalara üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara we öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologiýa töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistanyň degişli ugurda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi, ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda BMG-niň Kararnamalary bilen berkidildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara guramalary, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etjekdigini bellemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !