Täzelikler

Türkmen ekipažy ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda bürünç medal eýeledi

13.17.2024ý. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Nissan Patrol» awtoulagynda çykyş edýän türkmen türgenleri doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler «Ýüpek ýoly-2024» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça geçirilen Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldylar.

Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasynda T2 ýaryşynda ildeşlerimiz şeýle üstünlik gazandylar, olaryň 3-si Türkmenistanyň Awtoulag sporty federasiýasyna wekilçilik edýärler.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde habar berlişi ýaly, Merdan bu ýaryşda sürüji, Şöhrat bolsa şturman.

T2 ýaryşynda ilkinji iki orny, degişlilikde Andreý Suşenkowdan we Aleksandr Şanowdan, Anton Melnikowdan we Anton Nikolaýewden ybarat russiýaly ekipažlar eýelediler.

«Ýüpek ýoly-2024» halkara rallisi 15-nji iýula çenli dowam eder. Oňa gatnaşýanlar ýaryşyň ýeňijilerini gutarnykly kesgitlejek Mongoliýanyň çägindäki ýörite ýerlerden geçmeli bolarlar.

Umumy uzynlygy 5257 km bolan ralli 5-nji iýulda Tomskda başlandy. Pellehana Mangoliýanyň paýtagty Ulanbatorda bellenildi.

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky ýaryşa motorlar, motosikller, baggiler, ýolsuz ýerlerden ýöremäge ukyply maşynlar, LADA Sport ekipažlary, MAZ, KAMAZ, Ural Motorsport, GAZ Reýd Sport kysymly maşynlar we ulaglar gatnaşýar.

Geçen ýylky «Ýüpek ýoly» ýaryşynda doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasynda T2 ýaryşynyň umumy hasabynda ikinji ýeri eýeläpdiler.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !