Täzelikler

“Berkarar” söwda we güýmenje merkezinde amerikan agşamy

02.07.2024ý. ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň ýardam etmeginde bu ýurduň Garaşsyzlyk gününi Harby-howa güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň aýdym-saz toparynyň konserti bilen belledi.

Amerikalylar üçin bu baýram öz başlangyjyny 1776-njy ýyldan, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Beýik Britaniýa Patyşalygyndan garaşsyzlygyny yglan eden Jarnamanyň kabul edilen pursadyndan alýar. Amerikalylaryň özleri oňa diňe “dördünji iýul” diýýärler.

Çykyş üçin konsert meýdançasy hökmünde “Berkarar” söwda we güýmenje merkezi seçilip alyndy. Birinji gatda “göç üstünde” sahna döredildi. Sahnany gurşap alýan giňişlik hyýaly sakçyny, birinji gatdan üçünji gata çenli barýan basgançaklar bolsa howul-hara gurlan eýwany emele getirdi.

Aýdymçylar we sazandalar üçin geýim kody Howa güýçleriniň harby lybasy we reňklenmezlikdi. Olaryň daş görnüşi biziň estrada aýdymçylary baradaky düşünjämize laýyk gelmedi, ýöne konsert başlan badyna, hemme zat jaýba-jaý boldy. Wokalçylar Jessika Betando we Wiktoriýa Parke özüne çekijiligi hem sadalygy bilen derrew tomaşaçylary maýyl etdi. Saza terjime gerek däl. Deprekçi Kuinsi Braun bilen pianinoçy Biatrik Skorbiniň, şeýle hem gitaraçylar Aleks Liu Maslas we Saýmon Ewansyň duýga gaplanyp ýerine ýetiren umman aşyp gelen sazlary diňleýjileriň kalbynda ýaňlandy.

Sahnany gurşap alan tomaşaçylar hut konsert gidip durka, aýdymçylar bilen surata düşdüler we elleşdiler. Bu hiç kimiň kejebesini daraltmady, tersine, dostluk howasyny emele getirdi. Konsert tamamlanandan we tomaşaçylaryň islegi boýunça ýene bir aýdym aýdylandan soňam tomaşaçylar bilen aýdymçylar surat alyşmaklaryny dowam etdirdiler. “Berkarar” söwda we güýmenje merkezinde geçen agşam hem amerikaly artistlerde, hem türkmen diňleýjilerinde köp ýakymly duýgular döretdi.

Biz elmydama siziň hyzmatyňyzda !