• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
09-03-2026 | Syýasat habarlary

Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.

Giňişleýin
08-03-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi tebigatyň janlanyp, ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu halkara baýramyň şanyna eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek göwün göteriji dabaraly çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly işlerine taýsyz goşantlaryny goşýan, milli ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesliklerini mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Giňişleýin
06-03-2026 | Ykdysadyýet

Türkmen panbarhaty – 8-nji martda ajaýyp sowgat

“Panbarhat” dükanlarynda söwda hemişe-de gyzgalaňly, ýöne Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bu ýerde üýtgeşik bir ýagdaý höküm sürýär. Gowudan-gowy sowgat gözleýän erkek adamlar we zenanlar bu ýere nepis dokalan panbarhat satyn almak üçin gelýärler. Näziklik sözüniň manydaşy hökmünde ykrar edilen bu mata ýörite dükana baryp-gelmegi Gündogaryň gözellik dünýäsiniň jümmüşine syýahata öwürýär.

Giňişleýin
05-03-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
04-03-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we Eýranyň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Giňişleýin
02-03-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Giňişleýin
27-02-2026 | Medeniýet we bilim

Tbiliside täze dokumental filmiň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Kinoflmde Türkmenistanyň, Hytaýyň we Gruziýanyň medeniýetleriniň köpdürliligi görkezilip, olaryň medeniýetara gepleşikleri ösdürmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşantlaryna aýratyn üns berilýär.

Giňişleýin