• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
01-10-2026 | Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşuly nesillere çuňňur hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň hem-de nesilara dowamatlylygymyzyň binýatlyk esasydyr.

Giňişleýin
01-10-2026 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara

Gadyrly foruma gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin
30-09-2026 | Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Giňişleýin
30-09-2026 | Syýasat habarlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!

Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin
27-09-2026 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Watanymyzyň berkararlygyny we şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda eziz Diýarymyzy abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmäge gönükdirilen tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Giňişleýin