• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
08-08-2024 | Medeniýet we bilim

Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Düýn Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi. Giňişleýin
07-08-2024 | Medeniýet we bilim

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Giňişleýin
18-07-2024 | Medeniýet we bilim

Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Giňişleýin
03-06-2024 | Sport

Aşgabat täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Giňişleýin
01-06-2024 | Sport

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

Şu gün, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Giňişleýin
21-04-2024 | Sport

“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Giňişleýin