Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşy
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz ähli ösüşlerimizi ylym bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Giňişleýin