• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
18-11-2024 | Syýasat habarlary

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Giňişleýin
13-11-2024 | Medeniýet we bilim

«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara

Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Giňişleýin
11-11-2024 | Syýasat habarlary

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. 

Giňişleýin