• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
25-03-2025 | Syýasat habarlary

Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. “Mekan” köşgüne ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

Giňişleýin
17-03-2025 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara

Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Giňişleýin
16-03-2025 | Jemgyýet

Türkmenistan Milli bahar baýramyny bellemäge taýýarlanýar

Nowruz Baýramyň esasy aýratynlygy halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dünýä jemgyýetçiliginiň biziň döwrümiziň global meselelerini çözmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy goramaga, jemgyýetde demokratik gymmatlyklary döretmäge, milletara gepleşikleri ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen daşary syýasatyna doly laýyk gelýär.


Giňişleýin
02-03-2025 | Syýasat habarlary

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Pekin şäheriniň «Green Rivers Manor» myhmanhanasynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Giňişleýin