• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
06-09-2024 | Medeniýet

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Giňişleýin
04-09-2024 | Ykdysadyýet

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy. Giňişleýin
25-08-2024 | Medeniýet

Magtymguly Pyragynyň we gadymy Änewiň şöhraty dünýä ýaň salýar

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Giňişleýin
16-08-2024 | Medeniýet

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara derejeli çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Giňişleýin
14-08-2024 | Medeniýet

“Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara beslenip, şöhratly ata-babalarymyzyň we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik döredýär. Medeni-ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygy, köpdürlüligi halklary jebisleşdirýän esasy baýlyk bolup durýar. Giňişleýin
08-08-2024 | Medeniýet

Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Düýn Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi. Giňişleýin