• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
02-01-2026 | Jemgyýet

Täze 2026-njy ýylda Atamyrat atly ilkinji perzent dünýä indi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň garşylanylýan pursatlary ýurdumyz üçin ýatda galyjy wakalara baý boldy. Täze ýylyň başlanýan çaglarynda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde nurana arzuwlara beslenip gelen ýylyň ilkinji perzendi dünýä indi.

Giňişleýin
25-12-2025 | Jemgyýet

Baýramçylyk söwdalary – bolçulygyň, berekediň binýady

Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesini ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslän halkymyz ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna uly şatlyk-şowhun, ýagşydan-ýagşy arzuw-umytlar bilen taýýarlyk görýärler. Çünki, buýsançly garşylanýan Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary giňden ýazmak, gelen myhmana hödür-kerem etmek döwletli ilimiziň mukaddes däp-dessurlarynyň, ata-baba gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir.

Giňişleýin
22-12-2025 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Giňişleýin