• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

23.09.2024 | Ykdysadyýet

Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan kabul ederlikli tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem zerur bolup durýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmek çemeleşmesi gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak babatda anyk işler ýerine ýetirilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak, ekoulgamlary gorap saklamak ýaly anyk ugurlar boýunça amala aşyrylar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum syýasaty esasynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidildi, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik düzümleri kemala getirildi. Bu strategiýa milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň, ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bäsdeşlige ukyply önümçiligiň giňeldilmegini nazarlaýan, öňdebaryjy tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän senagaty kemala getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde, hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazarlarda bolup geçýän özgertmelere çalt uýgunlaşmaga ýardam edýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde elektron senagatyň ösdürilmegine, ähli pudaklara maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary ulgamlary boýunça önümçilik kärhanalarynyň döredilmegi hem ileri tutulýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar netijeli zähmet çekmäge döredýän hemmetaraplaýyn şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýlelikde, şu gezekki forum ýurdumyzda sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, ösüşiň ylma we innowasiýa esaslanýan täze hil derejesine çykmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleri aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.