Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy
07.04.2024 | Sport
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler, talyplar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasynda halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň döredilmegi Diýarymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu ýerde sportuň Türkmenistanda meşhur bolan dürli görnüşlerini, şol sanda futboly hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Eýýäm ilkinji ýyldan “Arkadag” futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň Kubogyny gazandy. Ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ussatlygy barha artýan türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, mynasyp netijeleri gazanýarlar. Geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Aziýa, Afrika, Ýewropa, Günorta we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň 45 döwletinden 180-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryş türkmen türgenleri üçin örän üstünlikli boldy. Ýurdumyzyň türgenleri 15 agram derejesinde jemi 15 medal, ýagny 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar. Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde dünýä derejesindäki ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen ýokary hoşniýetlilik taglymlaryny berkarar edýärler. Hut şonuň üçin-de ussat türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň” möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen bilelikde ýurdumyzda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça asylly däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler adamlaryň saglygyny berkitmäge, raýatlarda daşky gurşawa aýawly garamak duýgusyny kemala getirmäge ýardam edýär. Ine, bu gün hem asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli, ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde ekologik dünýägaraýşy berkarar etmek ulgamyndaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň hem-de ýokary baha mynasyp bolýandygynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň üstünligi boldy. BMG-niň parahatçylygy ösdürmegiň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Bedenterbiýe we sport ulgamynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi milli kanunçylyk namalarynda hem öz beýanyny tapýar. “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz 1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanyny goramak hakynda Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Beýannama kabul edildi. Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny geçirmekde-de uly tejribä hem mümkinçilige eýedir. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nyşany bolmak bilen, Diýarymyzyň abraýynyň belende göterilmegine ýardam berýär. Ýaponiýada 2021-nji ýylda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp çykyş etmegi, ýurduň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändiginiň güwäsine öwrülen ajaýyp waka boldy. Bu ýokary üstünlik türkmen türgenlerini öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, abraýly halkara ýaryşlarda täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde gol çeken Karary esasynda 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparynyň döredilendigi hem-de onuň düzüminiň tassyklanandygy bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň türgenleri üçin Olimpiýa şäherçesiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary guralýar. Türgenlerimizi beýleki iri ýaryşlara taýýarlamak işleri hem dowam edýär. Asylly däbe görä, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiz milli sporty ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar. ...«Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde ýurdumyzyň türgenleriniň üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine — ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlag iberdi. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türgenleriň öňünde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Siz ata-babalarymyzyň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtady. Soňra ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda dabaraly ýagdaýda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda altyn medallary gazanan türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. 25-nji fewral — 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan mynasyp wekilçilik eden türgenler ilkinji bolup sahna çagyrylýar. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Soňra şowhunly el çarpyşmalaryň astynda 7 — 10-njy fewralda Minsk şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky, şeýle hem 21 — 24-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. 29-njy fewral — 3-nji mart aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça guralan halkara ýaryşda hem köp sanly medallar gazanyldy. 5 — 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyzyň türgeni altyn medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Türgenlerimiz 4 — 7-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda, 2 — 12-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Iwanowo şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça Açyk dünýä çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler. 31-nji ýanwar — 3-nji fewral aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp bolan türgenimiz aýratyn öwgä mynasypdyr. Dabara gatnaşyjylar özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çykyş edenler Watanymyzyň adyndan wekilçilik etmegiň özleri üçin belent mertebedigini, ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň gazanýan üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, Gahryman Arkadagymyzyň gurduran, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlarynda, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen türgenleşikleriň miwesidigini bellediler. Sylaglara eýe bolan türgenler ýadygärlik surata düşüp, halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň hormatyna ýaryş meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçdiler. Şanly wakanyň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti, ýurdumyzyň türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy. Şu gezekki dabaraly çäre täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy boldy. Çünki türgenlerimiz erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan pugta erk-islegi bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, islendik derejedäki ýaryşlarda türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmäge ukyplydyrlar. *** Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ýaryşlarda ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeleriň ajaýyp netijeleridir. Munuň özi berk bedenli, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge, türgenler üçin ähli şertleriň döredilmegine, milli sporty täze sepgitlere ýetirmek üçin olaryň başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türgenlerimiziň gazanan nobatdaky uly üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň halkara derejedäki ýaryşlarda mundan beýläk-de belende galdyrylyp, türkmen sportunyň şöhratyny, her bir türkmenistanlynyň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrjakdygyna ynam döredýär.