Aşgabat täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar
03.06.2024 | Sport
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Soňky ýyllarda syýasy, işewürlik, medeni-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Aşgabat, eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, paýtagtymyz halkara giňişlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri bolan şäher hökmünde uly abraýa eýe boldy. Olimpiýa şäherçesiniň, Olimpiýa suw sport toplumynyň, Milli Olimpiýa sport köşgüniň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň we beýleki degişli sport desgalarynyň gurulmagy milli sport ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, beden taýdan berk, ruhy taýdan baý nesliň kemala getirilmegine, türgenleriň, ýygyndy toparlaryň taýýarlanylmagyna hem-de dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge şert döredýär. Ýurdumyzda iň häzirki zaman sport düzümleri döredilip, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy we döwrebaplaşdyryldy. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiliginiň üstünlikli geçirilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede geçirildi. Oňa Arkalaşygyň we beýleki ýurtlaryň toparlary gatnaşdylar. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmeginiň hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagynyň, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde baýram edilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bolup, munuň özi halkara gatnaşyklary, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga mynasyp goşantdyr. Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşlar ýurdumyzyň diňe bir sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady, medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde hem döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändigini tutuş dünýä ýene-de bir gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Ol köpçülikleýin sportuň we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegini-de höweslendirýär. Ýurdumyz bu möhüm işi belent ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşdyrýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine gönüden-göni bagly bolup, adamlaryň mümkinçiliklerini has doly açmaga gönükdirilen belent ynsanperwer mazmuny özünde jemleýär. Dünýäniň iri ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türgenleriň tutuş nesliniň kemala gelmegi munuň aýdyň güwäsidir. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen ýokary hoşniýetlilik taglymlaryny berkarar edýärler. Hut şonuň üçin-de ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň” we beýleki döwlet maksatnamalarynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. ...Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriň üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejeli baýraklar görkezildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmekleri sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde, Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi diýlip, Gutlagda bellenilýär. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Baş direktory Amina Lanaýa, Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggerti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory we Sportuň suw görnüşleriniň halkara federasiýasynyň prezidenti Huseýn Musallam sanly ulgam arkaly çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni we Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda döredilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýaly ählumumy gymmatlyklaryň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Munuň şeýledigine dürli ýaşdaky we kärdäki watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň, welosipedli ýörişleriň yzygiderli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sportuň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Munuň özi tejribeli daşary ýurtly hünärmenleriň tälimçilik işine çekilmegine ýardam berýär. Olar ýurdumyzyň sport desgalarynyň, ilkinji nobatda, Olimpiýa şäherçesiniň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesine biragyzdan belent baha berýärler. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy diňe bir şol wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, halkyň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini-de ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň güwäsine öwrülýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Şu günki çärä gatnaşýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä welosiped güni hem-de Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň gymmatlyklaryny ilerletmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasynyň aýdyň nyşanydyr. Halkara sport hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport boýunça halkara býurosy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy hem ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bu möhüm waka mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, ýurdumyzda sportuň ösmegine ägirt uly goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Çykyş eden türkmen türgenleri — halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sportuň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, täze sport ýeňişlerini gazanmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Bu ýerde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginde 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzda ilkinji gezek uzak aralyga guralan welomarafona gatnaşan ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri hem bar. Türgenler türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Türkmenistanda welosportuň meşhurlygyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler anyk netijelerini berýär. Amatly howa şertleri, bar bolan infrastrukturalar ýylyň islendik paslynda welosport boýunça ýaryşlarydyr türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagy sportuň şu görnüşiniň mundan beýläk-de höweslendirilmegine ýardam eder. Şu günki şanly waka mynasybetli artistleriň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy. Olar köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, sporty ösdürmekde Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp etdiler. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns-aladasy netijesinde mümkin bolýar. Monitorlarda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän şekiller görkezilýär. Dabaraly çäräniň resmi böleginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda welosportuň meşhurlygynyň artdyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli aladalar, ýurdumyzda täze sport üstünliklerini gazanmak ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Olimpiýa şäherçesindäki çäräniň çäklerinde basketbol, futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary, suwda ýüzmek, tennis, ýaýdan ok atmak, karate, taekwondo, boks, gylyçlaşmak we ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirildi.