• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

18.09.2024 | Jemgyýet

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni-durmuş wakalaryny beýan etmekden, milli arhiw gaznasynyň resminamalary esasynda türkmen edebiýatyna, ylmyna uly goşant goşan meşhur ýazyjylaryň, alymlaryň döredijilik ýoluny açyp görkezmekden hem-de milli arhiw işiniň gazananlaryny wagyz etmekden ybaratdyr. Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, Mejlisiň resminamalary, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde täze taryhy döwrüň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär. «Täze neşirler» atly bölümde okyjylar hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy”, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerine, «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitaba, «Hatyra», «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» atly neşirlere, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň 15-nji jildine, «Türkmen arhiwi» žurnalyna berlen synlar bilen tanşyp bilerler. “Arhiwler halklaryň milli ýazuw mirasydyr” atly makala arhiw işi ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 25-26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda möhüm ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama gol çekildi. Makalada bellenilişi ýaly, bu resminama halkymyzyň milli ýazuw mirasyny aýawly saklamak, olary taryhy çeşme hökmünde gymmatlyk derejesine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmaga, arhiw işini öňe ilerletmäge, iki ýurduň milli ýazuw resminamalaryny aýawly saklap, geljek nesillere ýetirmäge ýardam berer, arhiw hünärmenleriniň ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, arhiw resminamalarynyň alyş-çalyş işi boýunça okuw-usulyýet maslahatlaryny, arhiw resminamalarynyň nusgalarynyň sergilerini guramaga giň mümkinçilikleri döreder. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň edebi mirasyny gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmekden, wagyz etmekden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. “Waspy şygyrlarda, tarypy dilde: Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna” atly rubrika bilen ýerleşdirilen makalalarda şahyryň döredijiligindäki filosofik taglymatlar, onuň türkmen şekillendiriş, kino sungatyndaky çeper keşbi barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, şu ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren, ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň eserleri biziň günlerimize çenli ähmiýetini ýitirmän gelýär. Olarda ebedi ynsanperwer ýörelgeler — Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyrýan gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Ol ynsanyň wepalylyk, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir. Halkynyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, kämil duýgulara ýugrulan döredijilik mirasyny galdyrypdyr. Onuň goşgularyndaky pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Neşiriň “Medeni miras — müdimi miras” atly bölüminde ýerleşdirilen makalalarda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenen alym zenanlar, gadymy Merwiň taryhy, türkmen milli nagyşlary, XX asyryň başlarynda türkmen zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny, türkmen teatr sungatynyň ussady H.Annamämmedow, Türkmenistanyň halk bagşysy I.Annaýew barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen makalalar mugallymlarda we ylmy işgärlerde, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.