• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

20.09.2024 | Jemgyýet

Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrülip, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, durmuşyň ähli ugurlarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýaňlanan aýdymlarda döwrümiziň beýik özgertmeleri beýan edildi. Dabarada çykyş edenler häzirki döwrüň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň eýýamyna öwrülendigini aýratyn buýsanç bilen bellediler. Olar täze ýaşaýyş jaýlarynyň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýlarda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, jaý toýlary tutuldy. Asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem milli däp-dessurlarymyz ruhy-medeni köklerine, gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegini düzýär. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgäh guruldy. Seýilgähiň çäginde dürli görnüşli saýaly baglar ekilip, ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berip, ýakymly howa gurşawyny döredýär. Dabara gatnaşyjylary çagalar aýdym-saz toparlary şowhunly çykyşlary bilen garşy aldylar, şeýle hem türgenler ussatlyklaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän ägirt uly aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.