Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda
02.10.2024 | Jemgyýet
Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim Konsepsiýasy tassyklanyldy. 2022-nji ýyldan başlap «eMekdep» platformasynyň ilkinji görnüşi dürli mekdeplerde synag edildi. Soňra bolsa ol mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň we ata-eneleriň teklipleri nazara alnyp, has-da kämilleşdirildi. Mugallymlar üçin bu ulgamy netijeli ulanmak boýunça ýörite okuw sapaklary geçildi. Birinji tapgyrda — 2023-2024-nji okuw ýylynda okuw işlerini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän «eMekdep» platformasy Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň ählisinde ornaşdyryldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň mekdeplerinde hem bu ulgam giňden peýdalanylýar. Şeýle-de ony ýurdumyzyň welaýatlaryndaky mekdeplere ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň serwerinde ýerleşdirilen täze, döwrebap platformany mekdep.edu.tm salgysy boýunça tapmak bolýar. Işläp taýýarlaýjylaryň belleýişleri ýaly, onuň esasy wezipeleri mekdep dolandyryş işini awtomatlaşdyrmakdan, bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmekden, elektron žurnalyň we gündeligiň üsti bilen mugallymlaryň, okuwçylaryň, ene-atalaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçirilen paýtagtymyzyň häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasynda Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmeni döwlet Baştutanymyzy “eMekdep” ulgamy bilen tanyşdyryp, onuň esasy maksadynyň maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çaganyň okamagyna, mugallymyň okatmagyna, ene-atanyň bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagyna mümkinçilik berýän we ýurdumyzdaky ähli mekdeplere ornaşdyrylýan ulgama ýokary baha berdi. Häzirki wagtda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda döwrebap mekdepler, çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanmaga berilýär, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Şunda bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, biziň gündelik durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň maglumatlar gorundan, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm wezipeleriň hatarynda mekdepleri 12 ýyllyk umumy orta bilime geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleri-de görkezmek bolar. Netijede, ýaşlarymyz baý mirasymyzy, taryhymyzy, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlarymyzy we gymmatlyklarymyzy giňden wagyz edip, dünýäniň ähli künjeklerindäki deň-duşlary bilen erkin gatnaşyk saklap bilýärler. Bilimi jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiz bilimli, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek meselesine uly üns bermek bilen, ruhy taýdan baý, belent ahlakly şahsyýetleriň kemala gelmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, ählumumy sanlylaşdyrma döwründe türkmen ýaşlary diňe bir bilim derejesini artdyrmagy, täze bilimleri öwrenmegi däl, eýsem, täzeçil tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak başarnygyny hem ele almagy maksat edinýärler. Bütin dünýäde bolup geçýän tehnologik ösüşleri nazara almak bilen, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ilerletmekde halkara tejribeden ugur alynýar. Munuň özi milli we halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli elektron hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär. Bilim hyzmatlarynyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, başlangyç synplardan başlap, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, birinji synpa gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Öwrediji programmalar bilen üpjün edilen noutbuk kompýuterleri innowasion sanly tehnologiýalary özleşdirmekde ilkinji ädimlerini ädýän kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna kompýuter sowatlylygyny ele almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa diňe bir geljek üçin niýetlenen uly möçberdäki maýa goýum bolman, eýsem, raýatlarymyzyň mynasyp derejede bilim almagyna gönükdirilen işleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem aýdyň beýanydyr. Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamyna täzeçillikleri çekmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, soňky ýyllarda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Olar köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşlerini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň iň çetki künjekleriniň hem ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi, dürli görnüşli internet hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy, öz gezeginde, adamlara kompýuter tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, mynasyp bilim almak, hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly zerur endikleri özleşdirmäge ýardam berýär. «eMekdep» ulgamyny dolandyrmak we goldamak işi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan amala aşyrylýar. Sanly ulgama geçmegiň döwrüň talabydygy we zerurlykdygy göz öňünde tutulyp, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdeplerini degişli enjamlar, internet bilen üpjün etmek, bilimiň tehniki ösüşini gazanmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin niýetlenen «eMekdep» bitewi platformasy okuw işini dolandyrmak, guramak, utgaşdyrmak, ýerine ýetirilen işiň hiline, netijeliligine gözegçilik etmek üçin täsirli hem elýeterli gural bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda bu ulgam gije-gündiziň dowamynda elýeterli bolup, onuň mobil goşundysyny “Google Play” ýa-da “App Store” internet dükanlaryndan aňsat ýükläp alyp bolýar. Ol okuwçylaryň ýetişigi, gatnaşygy, okuw meýilnamalary, özleşdirilen dersler, öý işi, goşmaça edebiýatlar, mugallymlaryň düşündiriş bellikleri baradaky maglumatlara onlaýn elýeterliligi üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «elektron mekdep» ulgamy ösen döwletlerde işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi iň döwrebap sanly usullary ulanmak arkaly, okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurt nusgalaryndan tapawutlylykda, milli «eMekdep» platformasy her bir okuwçynyň şahsy ösüşine syny hödürleýär. Ýörite programmalaryň, enjamlaryň we algoritmleriň kömegi bilen mekdep okuwçylarynyň dürli sapaklara gatnaşygy, ýetişigi ulgamlaýyn esasda içgin derňelýär. Şoňa görä-de, haýsy mekdep derslerine çaganyň has gyzyklanma bildirýändigi kesgitlenilýär. Mugallym her bir okuwçy üçin şahsy pedagogik çemeleşmäni işläp taýýarlaýar. Şeýle-de «elektron mekdep» ene-atalara onuň mobil goşundysy arkaly SMS ýa-da onlaýn mälim etme görnüşinde maglumat almak bilen, diňe bir çagalarynyň bilim almak işine gönüden-göni gözegçilik etmäge däl-de, eýsem, mugallymlar, mekdep ýolbaşçylary bilen uzak aralykdan aragatnaşygy ýola goýmaga-da mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, programma üpjünçiligi bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna okuw işine, mugallymlaryň okuw sapaklaryna, okuwçylaryň umumy gatnaşygyna, ýetişigine gözegçilik etmäge şert döredýär. Şeýlelikde, häzirki zaman onlaýn gurşawyň döredilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw işine gatnaşyjylaryň özara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, bilim bermek işiniň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylyp, mazmunynyň baýlaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda bilim bermegiň däp bolan görnüşleridir usullaryny döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýan ygtybarly “eMekdep” ulgamynyň doly ornaşdyrylmagynyň ýaş nesilleriň bilim derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Çünki ata Watanymyzyň röwşen geljegi ýaşlaryň elindedir.