Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
03.10.2024 | Syýasat habarlary
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary! Ýakynda biz berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady. Bilşiňiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi. Bilşiňiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem gol çekdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär. Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmeli. Geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmeli. Hormatly adamlar! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar, möhüm Kararlar, çözgütler kabul edilýär. Şoňa görä-de, biz geljekde-de ylym ulgamyny ösdürmäge, onuň hukuk we maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmäge üns bermeli. Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet bermeli. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaly. Ylym-bilim bilen meşgullanýan edaralary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmeli. Hormatly Prezidiumyň agzalary! Häzirki döwürde Arkadag şäherinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berilýär. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bolsa güýçli depginde alnyp barylýar. Biz ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa önümçilikleri döretmäge möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Bu kärhananyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Biz «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaly. Şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem ony yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmeli. Şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaly. Hormatly adamlar! Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Ony halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplaýarys. Döwletimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça-da netijeli işleri alyp barýarys. Hormatly Prezidiumyň agzalary! «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys. Men siziň her biriňiziň öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigiňize, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.