• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

05.10.2024 | Syýasat habarlary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýaş Watan goragçylaryny taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginiň hem-de goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk derejede geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri taýýarlamak işlerini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berjaý edilişine berk hem takyk gözegçiligiň amala aşyrylmagy ugrunda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine sanly tehnologiýalaryň, öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun bozulmalary, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak maksady bilen, anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hukuk tertibini pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy hem-de beýleki edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň möhümdigini belläp, Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň çäklerinde guralan çäreler hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, Ahal, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda IIM-niň Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini goramak, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça işleriň degişli derejede geçirilmelidigini aýtdy. Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler ministrine degişli görkezmeleri berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler, ony ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kazylaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Mary welaýatynyň Garagum etrap kazyýetiniň döwrebap binasynyň açylandygy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmak, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna ilat arasynda, edara-kärhanalarda, guramalarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde milli kanunçylygyň düzgünleri barada wagyz-nesihat işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew döwletimizde amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwrebap tehniki serişdeleri we usullary ulanmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işleşmegiň, işgärler mümkinçiligini berkitmegiň möhümdigini belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň serhetlerini ygtybarly goramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Serhet galalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek hem tabşyryldy. Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, ilata talabalaýyk hukuk kömegini bermek ugrunda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk babatda bitewi döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, ministre hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de her bir raýatyň öz hukuklaryna, borçlaryna doly düşünmegini gazanmak üçin ilat arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň serhetleriniň üstünden geçýän ýükleriň kadaly geçirilmegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewraziýa sebitinde üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde ýurdumyzyň geostrategik ornunyň artýandygy bilen baglylykda, bu edaranyň işiniň geriminiň giňeýändigini aýtdy. Munuň özi gümrük serhedi arkaly ýükleriň geçirilmeginiň tertibine berk gözegçilik edilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna gümrük serhedinden geçirilýän harytlary ygtybarly gözegçilikden geçirip, harytlaryň hiliniň bellenen talaplara doly laýyk gelýändigini hemişelik üns merkezinde saklamak barada görkezmeler berildi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow bu düzümiň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýylyň başyndan bäri geçirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu gullugyň esasy maksadynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Bu ulgamda dünýä tejribesini işjeň özleşdirmegiň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna geçirilýän işleri kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.