• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy

05.05.2025 | Syýasat habarlary

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, gazbeton bloklary, buýan köküniň ekstrakty, şeýle hem buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million manatlyk «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.