
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
03.04.2025 | Syýasat habarlary
Şu gün «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen gözel Samarkant şäherinde duşuşmaga şatdygyny aýdyp, bu ýokary derejeli Sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Söhbetdeşler Sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny seljermäge hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeň ýola goýmakda möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy diňe ykdysadyýet, energetika, tehnologiýa we ulag ulgamlarynda däl, eýsem, medeni we bilim ulgamlarynda-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk ykdysady we energetika üpjünçiligi boýunça möhüm meseleleri öz içine alýar. Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.