• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
Türkmenistanyň senagat ulgamynyň ösüşiniň mümkinçiligi we geljegi

15.02.2025 | Syýasat habarlary

Ösüşiň ýokary depginlerini saklaýan we kuwwatyny yzygiderli artdyrýan milli ykdysadyýetiň kuwwatlydygyna hem-de gurpludygyna onuň möhüm pudaklarynyň durnukly ösmegi şaýatlyk edýär.

Şeýle pudaklaryň biri senagat pudagy bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow giň gerimli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde oňa uly ähmiýet berýär. Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň netijeleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, senagat ulgamynda durnukly ösüş bellenildi.

Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime, şol sanda senagatda – 1,5 göterime deň boldy. Tebigy gazyň çykarylyşy 77 milliard 623,1 million kub metr, nebitiň çykarylyşy 8 million 279,7 müň tonna barabar boldy. 

2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. 

Hasabat döwründe nah ýüplükleriň öndürilişiniň möçberi 46,7 göterim, nah matalaryň öndürilişi – 27,1 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi meýilnamany 108,6 göterim berjaý etdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi umumy bahasy 1 milliard 708 million manat bolan önümleri öndürdi we işleri ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi tarapyndan önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 104,6 göterim, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni tarapyndan 114,6 göterim derejesinde berjaý edildi. 

Geçen ýyl Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýyl Dokma senagaty ministrligi boýunça ösüş depgini 117,3 göterim derejesinde üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýurduň gurluşyk senagat toplumynyň kärhanalarynyň üznüksiz işini üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Şeýle hem ylmyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlarynyň esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze döwrebap kärhanalary döretmegiň wajypdygy bellenildi. Senagat ulgamyna gönükdirilýän ägirt uly düýpli maýa goýumlar, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, Watanymyzyň telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän goldawlar esasynda amala aşyrylýan netijeli çäreler – şular bu ulgamyň ýokary netijeliligini üpjün etdi.