• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
...
GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň - 2025 Konsepsiýasy hödürlenildi

24.01.2025 | Syýasat habarlary

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem agza döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşyjylary «2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň bu ýylyň dowamynda ileri tutýan ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň Konsepsiýasy» bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem, Geňeşiň agzalary 2024-nji ýyldaky işleriň netijelerini jemlediler we Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar.